Žurnalistiň sahypasy

«Inklýuziw bilim — deňhukukly gurşaw»

09-10-2024 / 47

Ýakynda şeýle at bilen Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda welaýatyň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda usuly okuw geçirildi. Bu usuly okuw «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan», şeýle-de beýleki döwlet resminamalaryndan, milletimiziň nesil terbiýesi, saglygy we sagdyn ösüşi babatdaky ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp,  bu ugurda döwrebap usullardan peýdalanmak, gazanylan tejribeleri paýlaşmak, çagalaryň hukuklaryny goramakda we olaryň ählisiniň sazlaşykly terbiýelenmegini, sagdyn ösdürilmegini gazanmak hem-de bu degişli işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Usuly okuwa welaýatyň bilim-terbiýeçilik işgärleri, degişli hünärmenler, terbiýeçiler, transdissiplinar mugallymlar gatnaşdylar.

Usuly okuwyň dowamynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklary (inklýuziw bilim), köpugurly pedagogik işgärleriň (transdissiplinar hünärmenleri) gazanýan tejribeleri, bu ugurda peýdalanylýan usullar boýunça çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de iş pursatlaryndan böleklere syn edildi.

Çykyşlarda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň sözleýşini, eşidişini, görüşini we daýanç-hereketini dikeltmek, ösdürmek babatda  peýdalanylýan netijeli usullar, ata-eneler bilen gatnaşyklar,  bu ugurda okuw-terbiýeçilik toplumynda we beýleki bilim edaralarynda alnyp barylýan işler, bu işleriň resmileşdirilişi, ugur alýan ýörelgeleri, maksatlary we öňde duran wezipeleri dogrusynda giňişleýin bellenildi. Çykyş edenler elektron tanyşdyryş-görkezme serişdeleriniň, oýun pursatlarynyň, anyk delilleriň  we temalaýyn düşündirişleriň üsti bilen maglumatlary anyk we dürs beýan etdiler.

Ýeri gelende bellesek, usuly okuwyň dowamynda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory Azat Aýdogdyýew döwrebap toplumyň bölümlerinde we otaglarynda döredilen häzirki zaman mümkinçilikleri, toplumyň mekdebe çenli ýaşly bölüminiň başlygy Maýagözel Rahmanowa bu sergilenen ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanylan esbaplardan we taslamalardan peýdalanylyşy bilen usuly okuwa gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Şeýle-de saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň logoped mugallymlary Marina Rejepowanyň, Žumrat Narmuradowanyň hem-de defektolog mugallymy Dawut Berdiýewiň çagalar bilen bilelikde görkezen iş pursatlary täsirliligi taýdan tapawutlandy.

Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli çagalary üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi biziň her birimizi buýsandyýar. Bularyň ählisi üçin bolsa bagtyýar nesillerimiziň hem-de agzybir halkymyzyň Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan alkyşlary egsilmezdir.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu