Žurnalistiň sahypasy

Dabaraly pursatlarda çagalaryň sesi

09-10-2024 / 25

Şu gün Mary şäherinde welaýatyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu dabara saglygy goraýyş işgärleri, köp sanly myhmanlar, şol sanda biziň çagalar bakja-bagymyzyň bilim işgärleri hem-de körpeleri edebi-çeper çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Çagalar toparynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işler şahyrana setirleriň üsti bilen beýan edildi. Bagtyýar nesillerimiziň joşgunly çykyşlary jemgyýetimizde sagdyn nesilleriň we sowatly ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezip, açylyş dabarasynyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Garaşsyz ýurdumyzda adam hakyndaky aladalar onuň geljegi, ýaş nesilleriň röwşen ertirleri bilen berk baglanyşdyrylýar. Elbetde, şeýle iri çärelerde we dabaralarda körpe nesilleriň çykyşlaryna aýratyn orun berilmeginiň özi hem bu babatda örän buýsandyryjy pursatdyr. Şeýle wakalar çagalaryň ata ýurdumyza, gülläp-gül açýan döwrümize söýgülerini çuňlaşdyrmakda, şäherimiziň abadançylygyna we gözelligine bolan ýakymly duýgularyny artdyrmakda, hünäre bolan höweslerini kämilleşdirmekde we döwrüň ruhuna mahsus terbiýelemekde ýokary ähmiýete eýedir.

Ýeri gelende bellesek, körpeleriň dünýägaraýşyny we sowatlylygyny ösdürmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mysal hökmünde aýtsak, öwrediji oýunlaryň, gyzyklanma we göwnaçma çäreleriniň, «Saglyk öýi»  ýaly many-mazmunly oýunlaryň üsti bilen çagalarda arasaçylyk endikleri we kadalary öwrenilýär. Olar bilen irdenki maşklar, bedenterbiýe sapaklary, hereketli oýunlar, gigiýeniki düzgünler yzygiderli berjaý edilip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýär we ruhubelent, beden taýdan kuwwatly nesiller ýetişdirilýär. Bularyň özi bagtyýar çagalarymyzda saglyga we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge bolan garaýyşlary berkidýär. Şunuň netijesinde, körpeleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy gazanylýar. Munuň özi jemgyýetimizde sazlaşykly işleriň netijeli alnyp barylýandygyny alamatlandyryp, ýaş nesilleriň berk bedenli we döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmeklerine itergi berýär.

Her ýylyň oktýabr aýynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän şeýle dabaraly çärelerde çeper dilli, ýiti zehinli körpeleriň çykyş etmekleri bolsa  özboluşly toý sowgadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin şeýle uly mümkinçilikleri we şertleri döredip, merdana milletimizi, bagtyýar nesillerimizi buýsandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Gülşat ORAZOWA,
Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu