Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Iň esasy zat: maksatlarymyz aýdyňdyr, hünärli nesillerimizi ýetişdirmek, olary öz zehinleri, başarnyklary, isleg-höwesleri boýunça hünärlere ugrukdyrmak, şular esasynda mekdepden soňky ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almaga ugrukdyrmak mugallymlaryň öňündäki möhüm wezipelerdendir» diýip belleýär. Munuň özi bilim-terbiýeçilik işlerinde ýaşlary hünäre ugrukdyrmak babatda alnyp barylýan işleri hem hil we mazmun taýdan baýlaşdyrmaga esas döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» möhüm maksatlarynyň biri-de ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Ýaşlaryň kämil ukyplara eýe bolmagyna ýardam bermek, şol sanda hünär bilimi bolan ýaşlaryň sanyny köpeltmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Şu möhüm wezipäni üstünlikli çözmek babatynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmek, olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek boýunça hem ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. 2023—2024-nji okuw ýylyndan orta mekdepleriň XI-XII synplarynda okaýan okuwçylara hünär ugurly dersleriň okadylyp başlanmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýerli häkimlikler bilen ylalaşyp, umumybilim edaralarynda XI—XII synplaryň okuwçylaryna öwrediljek hünärleriň sanawy taýýarlandy. Ol sanawyň 60-a golaý dürli hünärleri özünde jemleýändigini bellemek gerek. Olaryň ählisi-de ýurdumyzyň halk hojalygy, ýaşlaryň hünärleri ele almaklary, olaryň başarnyklaryny ösdürmek üçin zerur hünärlerdir.
Ýaşlary mekdepde okaýan döwründe hünäre ugrukdyrmagyň esasy maksady olara dürli hünärler barada zerur düşünjeleri bermekdir. Bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir ynsanyň esasy wezipesi ýaş nesli jemgyýete peýdaly zähmete taýýarlamakdan, onuň borçlaryna dogry düşünmegini we olary berjaý etmegi öwretmekden, edepliligi, köpçülikde özüňi alyp barmagyň medeniýetini, zähmete aňly-düşünjeli çemeleşmegi we ony söýmegi, ynsanyň halal we döredijilikli zähmetine elmydama sarpa goýmagy terbiýelemekden ybaratdyr.
Umumybilim edarasynda doly orta bilim derejesiniň hünär taýýarlygynyň bilim maksatnamasynyň özleşdirilmegi okuwçylaryň hökmany jemleýji döwlet synagyny tabşyrmaklary we degişli resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwrebap bilim bermek we olary hünärlere taýýarlamak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys!
Aýjemal MÄMETDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiri.