
Maşgala — türkmen jemgyýetiniň baş sütüni. Her bir ata-enäniň arzuwy öz perzentleriniň bagtyny görmekdir. Olar elmydama çagalarynyň aladalary bilen bolýarlar. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan beýik sarpasyny açyp görkezýär.
Ýagşy gylyk-häsiýet edeplilikden nyşan bolup, ol zenanlaryň özboluşly bezegidir. Bahasyz baýlygyň hem-de gözelligiň açary edepdir. Halkymyz zenan maşgalanyň içki gözelliginiň daşky keşbine-de bezeg berýändigini hemişe nygtaýarlar.
Irki döwürde ata-ene ýetişen ogluna sala salypdyr. Ýygra oglan özüniň göwün beren gyzynyň ýokdugyny aýdýar. Olar özara maslahatlaşyp, abraýly ýeriň gyzyna sawçylyga barýarlar. Habarlary alnandan soň, ene ogluna örän görmegeý we edepli gyza guda bolandygyny aýdýar. Toý sähedi bellenilenden soň, ýigit gyzy daşyndan synlap, ejesiniň tarypyny ýetiren owadanlygyny görmeýär. Enesine gyzda ony öwer ýaly görküň ýokdugyny aýdýar. Ene ogluna: «Maşgalany daşyndan synlap, oňa baha berip bolmaz. Gyzyň öwgüsi özi bilendir. Sabyrly bol. Onuň içki dünýäsi hakyky gözellikdir. Bu gyzyň gözelligi seniň öýüňi we ömrüňi nurlandyrar» diýýär. Enesiniň bu gürrüňinde bir hikmetiň bardygyny aňan ýigit şol gyza öýlenýär. Aradan köp wagt geçmänkä bolsa, enesiniň aýdan sözlerine düşünip galýar.
Hakykatdan-da, edeplilik — ynsan bezegi. Ýüzi nurana käbelerimiz şeýle diýýär: «Owadan sypatdan kyrk günde doýulýar, owadan edepden bolsa kyrk ýylda-da doýulmaýar».
Ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny ösdürýän, nesillerimiziň milli däplerimiziň gurşawynda Watanymyzy we ilimizi guwandyrýan, ata-enelerini begendirýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Jemal TURAPKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.