Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Terbiýe mekdebi

07-10-2024 / 21

Türkmen halkynyň guwanjy, dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Akyldar şahyryň edebi mirasynyň şeýle ýokary derejede wagyz edilmegi halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyny hut Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlap döretdi. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» eseriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem ýüreginde ýer edendigini bellemek gerek.

Şu ýyl “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol beýik akyldar şahyryň edebi mirasyny öwrenmek, terjime etmek, dünýä ýaýmak, goramak meselelerini öz içine alýar. Şahyryň döredijiligine degişli eserleriň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylyp, täzeden neşir edilmegi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrdy.

Dana Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady halky dogry ýola gönükdirmekde, ýaşlary terbiýelemekde, olaryň aň-bilim derejesini ösdürmekde köp işleri bitiripdir. Ol ylmy Günüň nuruna deňäpdir. Magtymguly Pyragynyň ylym ýoluna düşmeginde Döwletmämmet Azadynyň aýratyn yhlasy bardyr. Pyragy: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýmek bilen, ylymly-bilimli bolmagynda öz atasynyň tagallalarynyň uludygyny aýdypdyr. Atasy oglunyň zehinine ýaşlykdan göz ýetirip, hünär öwretmek bilen bir hatarda, oňa ylym hem öwredipdir. Magtymguly Pyragy atasynyň başlangyçlaryny dowam etdiripdir. Döwletmämmet Azady ýaşlary ylymly-bilimli etmegiň zerurdygyny aýdan bolsa, Magtymguly Pyragy özüniň «Alymlara uýsaň, açylar gözüň», «Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr» diýen ýaly setirleri bilen alymlar bilen gatnaşykda bolmagy nesihat edipdir.

Akyldar şahyrymyzyň bilim, terbiýe mekdebini täzeden has çuňňur öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Dünýä BABAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu