Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklary halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga gönükdirilýär. Amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaý, uglewodorod çig mallarynyň baý gorlary ýurdumyzyň senagat önümleriniň we energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga giň şertleri döredýär.
Himiýa senagaty uglewodorod, mineral we beýleki çig maldan himiki usulda gaýtadan işlemek arkaly önüm öndürýän senagat pudagy bolup, ol senagat öwrülişiginiň başlanmagy bilen, aýratyn pudak hökmünde kemala gelip ugraýar. Ýurdumyz gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň uly gorlaryna eýedir. Köýtendag sebitinde geologlar tarapyndan kükürdiň, fosfatlaryň, daş duzunyň, gipsiň, selestiniň, polimetallaryň, hekiň we beýleki ýerasty baýlyklaryň uly gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Bu sebitde gurlan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum Garlykdaky kaliý duzlarynyň baý ýatagyny senagat taýdan özleşdirmeklige gönükdirilen iri taslamadyr.
Garabogaz aýlagy hem himiýa senagaty babatynda uly mümkinçiliklere eýedir. Çünki bu ýerde 60-dan gowrak himiki elementiň bardygy, tebigy şertlerde natriý sulfatynyň we beýleki mineral duzlaryň kristallaşma hadysasynyň senagat taýdan işlemek üçin ýeterlik mukdarlarda bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. «Garabogazsulfat » önümçilik birleşiginde öndürilýän natriý sulfaty, epsomit, bişofit ýaly önümler aýna, kagyz, sintetik ýuwujy serişdeleriň, defoliantlaryň önümçiliginde, deri eýlemekde we metallurgiýada, himiýa, dokma we gurluşyk senagatynda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar.
Oba hojalygy üçin möhüm ähmiýeti bolan mineral dökünlerini öndürmekde Marynyň we Türkmenabadyň himiýa zawodlary netijeli işleýärler. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalaryň gurulmagy bilen has-da artdyrylýar. «Türkmenhimiýa » döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa kärhanasy ýurdumyzyň himiýa pudagynyň möhüm düzümleriniň biri bolup durýar. Ol ýylda 225 müň tonna fosfor dökünlerini we 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyplydyr. Ekinler üçin mineral dökünleriň önümçiliginde kükürt kislotasynyň esasy çig mallaryň biridigini nazara alanyňda, bu önümiň uly geljeginiň we girdejisiniň bardygyny şertlendirýär. Kislota önümhanasynyň taslama kuwwaty diňe bir döwletimiziň içerki sarp edijileriniň bu önüme bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, ony eksporta ugratmaga-da mümkinçilik berýär. Ägirt uly serişde binýady ýurdumyzda ýoduň, bromuň we himiýa senagatynda giňden ulanylýan beýleki serişdeleriň iri önümçiliginiň kemala gelmegini şertlendirdi.
Häzirki döwürde «Türkmenhimiýa » döwlet konserninde her ýylda köp mukdarda ýod öndürilýär. Himiýa senagatyna degişli täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň tutuş senagat düzüminiň ösüşine kuwwatly itergi berdi we onuň ýokary hilli ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirdi. Bu bolsa, import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligiň artmagyna, harytlyk teklipleri has-da giňeldip daşary bazarlara çykmaga mümkinçilik berer. Türkmen topragynyň ähli baýlygynyň halkymyzyň bagtyýarlygywe abadançylygyüçin peýdalanylmagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän işleri diňe bir ýurdumyza däl, eýsem, hyzmatdaş döwletlere hem bähbit getirýän ykdysady- durmuş syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Dürjemal ROZYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy.