Žurnalistiň sahypasy

Gara mallaryň tohum aýratynlyklary

06-10-2024 / 109

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda gara mallaryň sagdynlygyny gazanmakda we önümliligini artdyrmakda geçirilýän weterinar çäreler ähmiýetliligi bilen tapawutlanýarlar. 

Dünýäde gara mallardan jylka et almak üçin idedilýän tohumlarynyň görnüşi az däl. Şolaryň içinde iň köp ýaýrany gara angus ýa-da aberdin-angus tohumydyr. Bütin dünýäde ýokary hilli jylka etiň 80 göterimi hut şu tohuma degişli mallardan alynýar. «Mermer et» diýlip atlandyrylýan ýokary hilli jylka eti almak üçin idedilýän gara mallaryň beýleki meşhur tohumlaryndan Beýik Britaniýada ýüze çykarylan gereford ýa-da Ýaponiýada idedilýän wagýu sygyrlaryny agzamak bolar. Emma beýleki tohum mallar bilen deňeşdirilende, jylka et almak üçin aberdin-angus mallaryny idetmegiň bähbitlidigi mese-mälimdir. Aberdin-angus mallary beýleki tohumlara garanyňda, daşky gurşawyň şertlerine ýeňil uýgunlaşýar, çalt ýetişýär we köp et berýär. Şol bir wagtyň özünde onuň eti tagam babatda hem tapawutlanýar. Ine, şonuň üçinem, bilermenler aberdin-angus tohumyny et ugurly maldarçylygyň «gara merjeni» diýip atlandyrýarlar (Bu tohuma degişli sygyrlar, esasan, gara reňkde bolup, gara merjen hem tebigatda örän seýrek duş gelýär).

Mundan başga-da, gyzyl sähra tohumy süýt ugurly mallara degişli bolup, ХХ asyryň başlarynda döredilipdir. Bu mallar esasan hem, ýurdumyzyň Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynda, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň hojalyklarynda ösdürilýär. Ol ýerli howa şertlerine gowy uýgunlaşyp, sagym döwründe 2500-3000 kilogram süýt berýär. Süýdüniň ýaglylygy 3,8 göterime deňdir. Sygyrlaryň diri agramy 380-400 kilograma, öküzleriňki 650-700 kilograma, öküzçeleriňki bolsa baka goýlanda 18-20 aýlykda 400-450 kilograma ýetýär.

Gara mallaryň goňur latwiýa tohumy reňki gyzyl, süýt ugurly mallara degişli bolup, ýurdumyza 1960-njy ýyllarda getirildi. Bu mallar, esasan, Daşoguz welaýatynyň hojalyklarynda ösdürilýär. Sygyrlaryň diri agramy 400-420 kilograma, öküzleriňki 750-800 kilograma, öküzçeleriňki bolsa baka goýlanda 18-20 aýlykda 400-450 kilograma ýetýär. Süýt önümliligi sagym döwründe 2500- 3000 kilogram bolup, ýaglylygy 3,9 göterime çenli bolýar.

Şwis (şwislendirilen) tohumy. Şwis tohumy süýt-et ugurly mallara degişli bolup, biziň ýurdumyza 1936-1938-nji ýyllarda ýerli mallaryň tohumyny gowulandyrmak üçin getirildi. Olarýerli şertlere gowy uýgunlaşyp, sagym döwründe 3000-3500 kilogram, ýaglylygy 3,8-3,9 göterime deň bolan süýt berýär. Sygyrlaryň diri agramy 400-450 kilograma, öküzleriňki 800-1000 kilograma, öküzçeleriň diri agamy bolsa 18-20 aýlykda 450-470 kilograma ýetýär.

Jemläp aýtsak, täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygy, şol sanda maldarçylyk pudagy
güýçli depginler bilen ösdürilýär. Pudaga ylmyň we tehnikanyň iň soňky
gazananlary, täze tehnologiýalar, öňdebarjy tejribeler giňden ornaşdyrylyp, şunda olaryň görnüşlerini köpeltmek pudagyň esasy wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda gara maldarçylygy ösdürmekde pudagyň işini ylmy esasda ýola goýmagyň, mallaryň tohumçylygyny ösdürmegiň, seleksiýanyň netijeli usullaryny ulanyp, oba hojalyk mallarynyň ýokary önümli täze toparlaryny döretmegiň,
saklamagyň, talabalaýyk iýmitlendirmegiň ylmy-amaly ähmiýeti örän uludyr.

Ýusupbeg ÖWEZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu