Žurnalistiň sahypasy

Elektroenergetika pudagynda beýik işler durmuşa geçirilýär

06-10-2024 / 41

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary, täze elektrik geçirijiler gurulýar, öndüriji kuwwatlyklar ep-esli artdyrylyp, olaryň durky täzelenilýär.

Ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, bu pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän çäklerini giňeltmäge-de şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasyny öndürmegiň bolsa dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygy bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde, sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi. Bularyň ählisi pudakda gazanylan uly üstünliklerdir.

Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda guruldy. Taslamanyň Mary — Ahal bölegi bolsa 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taslamanyň üçünji tapgyrynyň — Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de bu tapgyryň çäklerinde her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri guruldy. Jemi uzynlygy 572 kilometre ýetýän Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi. Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly Diýarymyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün eder. Şonuň netijesinde, energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejermek hem-de döwrebaplaşdyrmak mümkin bolar.

Elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirilýän işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda we onuň ösüşini üpjün etmekde, eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, sebitleri okgunly ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýagşymyrat KÖMEKOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu