Žurnalistiň sahypasy

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

07-10-2024 / 40

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.

Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyna Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda aýratyn ünsi çekýär. Täze neşirde: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýlip, örän jaýdar bellenilýär.

Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Häzirki zaman täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi. Daşary ýurtly hünärmenler bilen okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak bolsa asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kiçilikden başlap döwrebap derejede bilim almaklary babatda taýsyz tagallalar edýän we bu ugurda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Bahargül ANNAMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu