Žurnalistiň sahypasy

Biziň hakydamyz

6-njy oktýabr — Hatyra güni

04-10-2024 / 31

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresi geçirilýär.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligi bar. Şol pajygaly gijede, gör, näçe ajaýyp ynsan, öz ömründe il-halkymyz üçin hiç mahal ýatdan çykarylmajak uly işleri bitirip ýetişen meşhur şahsyýetler dünýäden ötdi. Ýadygärlikler toplumynda ata-baba topragymyzyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi, bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde janyny orta goýan gahrymanlaryň, şeýle-de faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärlikleri hem bar.

Bu ýadygärliklere her ýylyň 6-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gül desseleri goýlup gelinýär. Bu ýerde «Watan mukaddesligi» muzeýi bar. Muzeýiň ekspozisiýasy 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşi, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwri barada gürrüň berýär. Muzeýde 1948-nji ýylyň aýylganç ýertitremesiniň görnüşleri suratlarda görkezilen. Ýadygärlikler toplumynyň ýerleşýän çäginde türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky baky hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.

Hawa, bu gün biz öz gahrymanlarymyzy ýatlaýarys, geçen günleriň her bir wakasyny ýaşaýyş üçin sapak edinip, nesillere geçirýäris. Şunuň bilen birlikde Ýer ýüzüniň parahatçylygyň mesgeni bolmalydygy baradaky mukaddes ynanç bilen ýaşaýarys. Bu ynanç — müňýyllyklar boýy nesilden-nesle, döwürden-döwre geçirilip gelnen, täze döwürde ýene baýdak bolup belende göterilen ynanç. Türkmen öz ýurduny nuranalygyň ýurduna öwürdi we dünýä-de şuny isleýär.

Merjen ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu