Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Magtymgulynyň döredijiligi — umumadamzat gymmatlygy

04-10-2024 / 25

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. 2024-nji ýylyň maý aýynda bolsa beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň günortasynda Magtymgulynyň ýadygärliginiň we “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.

Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirlerine, filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr…

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu