Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da berkitmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek, eksport kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dokma pudagynda bimöçber uly işler amala aşyryldy. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, müňlerçe täze iş orunlary döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş belentliklerine çykan dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde iň bir uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi. Halkara gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasy, daşary döwletleriň dokma barlag institutlary tarapyndan dürli ýyllarda Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalaryna «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy» boýunça ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001 hem-de «Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy goramak» boýunça OHSAS 18001 güwänamalary berildi.
Pudagyň edara-kärhanalarynda häzirki wagtda müşderileriniň islegini doly derejede kanagatlandyrjak önümleriň ençemesi öndürilýär. Munuň şeýledigine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen Aşgabadyň dokma toplumy, Türkmenbaşy jins toplumy, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi, «Gala» söwda nyşanly taýýar dokma önümleri ýaly ýokary hilli, köp görnüşli hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümler hakyndaky telegepleşikleredir makalalara gabat geleniňde has hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa öz gezeginde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bölümleriniň täze enjamlar we ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik kuwwatlyklaryna eýedigini görkezýär. Olarda nah pagtadan, ýüpekden, örme hem-de beýleki görnüşli matalardan taýýarlanan önümleriň köp görnüşleriniň öndürilýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda, ilaty ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Leýli SÖÝÜNSAFAROWA,
Aşgabat şäheriniň mehaniki-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň Dizaýn fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.