Žurnalistiň sahypasy

Körpelerde durmuş endiklerini terbiýelemek ugrunda

04-10-2024 / 170

Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan Mary şäherindäki 48-nji çagalar bakja-bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelerde durmuş endiklerini terbiýelemekde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmegiň usullary» diýen tema boýunça usuly sagat geçirildi. Bu usuly sagada pedagogik hünärmenler, çagalar bakja-baglarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri we öňdebaryjy terbiýeçileri gatnaşdy.

Usuly sagadyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelerde durmuş endiklerini terbiýelemekde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmegiň usullary, pedagogik aýratynlyklary dogrusyndaky çykyşlar diňlendi. Şunda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni O.Annageldiýewa häzirki wagtda döwlet derejesinde aýratyn üns berilýän bu tema boýunça çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti, onuň ugurlary we guralyş usullary barada maslahatlary berdi. Şeýle-de beýleki çykyş edenler degişli tema boýunça işleri meýilleşdirmegiň usullary, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmekde animasion eserleri peýdalanmagyň aýratynlyklary barada belläp geçdiler. Çykyş edenleriň ählisi hem iş tejribede toplananlar we gazanylanlar, şeýle-de täze döredilen taslamalar bilen tanyşdyryp, temanyň giňişleýin açylmagyna we beýan edilmegine goşant goşdular. Çykyşlarda elektron görkezmeleriň, prezentasiýalaryň,  animasiýa we multiplikasiýa serişdeleriniň peýdalanylmagy usuly sagadyň döwrebap mazmunlylygyny üpjün etmäge täsirini ýetirdi.

Usuly sagadyň amaly bölüminde bolsa çagalaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünleri baradaky sahnalaşdyrylan çykyşlaryna, degişli görkezme serişdeleriniň we esbaplarynyň sergisine giň orun berildi. Çagalar toparlarynyň «Körpe gözegçiler», «Şadyýan ýol yşyk», «Köçe ýol belgileri» diýen atlar bilen ýerine ýetiren döredijilikli çykyşlarynda ýol kadalary we düzgünleri, olarda ulaglaryň we pyýadalaryň dogry hereketleri wagyz edildi. Sergide bolsa çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä ýol hereketi we durmuş medeniýeti barada düşünje bermäge, bu ugurda geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmaga degişli esbaplaryň köpugurly we giň toplumy ýerleşdirildi. Olar pedagogik ugurly bu çärä gatnaşanlarda özboluşly täsirleri galdyrdy we tejribeleri alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Çagalar bakja-bagymyzda welaýat derejesinde geçirilen usuly sagat mazmunlylygy, netijeliligi we täsirliligi taýdan tapawutlanyp, mekdebe çenli bilim we terbiýe düzümlerinde geljekde ýerine ýetirilmeli işleri has-da güýçlendirmäge itergi berdi.

Maýajemal GURBANNEPESOWA,
Mary şäherindäki 48-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu