
Halkymyzyň müňýyllyklar içre kämilleşip gelen ahlak-edep medeniýetini özüniň pähim-parasat dünýäsine siňdirip, onuň mazmunyna çuňňur pelsepe we ruhubelentlik çaýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli atalarymyzyň ruhuna ygrarly edip terbiýelemekde iňňän gymmaty hazynadyr. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň baý mazmunly döredijiliginiň umman ýaly giň ruhy gymmatlykdygyna ünsi çekip, şahyryň ynsany bezeýän belent ahlak medeniýeti baradaky garaýyşlarynyň, parasatly dünýägaraýşa beslenen manyly wesýetleriniň biziň döwrümizde täze hyruç, ylham bilen gurşalan bagtyýar halkymyzyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýändigini belleýär.
Ahlak terbiýeçilik ýörelgeleri jemgyýetçilik aňynyň gözellige, içki medeniýetiň kämilligine bolan ymtylyşynyň nyşanydyr. Ol ynsan kalbynda nepis duýgulary, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi kämilleşdirip, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýär. Adamlaryň döredijilik ylhamyny joşdurýar, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, pedelerimiz ýaş nesli terbiýelemekde ahlak ýörelgeleriniň dury akabasyna öwrülen halk döredijilik eserlerine, dessanlarydyr şadessanlaryna, oguznamalara, däp-dessurlara, sungaty eserlerine öwran-öwran ýüzlenýärler. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem her bir ynsanyň, ahyr netijede, tutuş jemgyýetiň kämil ahlakly, edep-ekramly bolmagy barada öňden gelýän parasatly pikirleri täze röwüşde beýan edipdir. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda pähiminiň dürüne öwrülen päk garaýyşlar ebedilik orun tutupdyr.
Biziň jemgyýetimizde asylly-ahlakly, ar-namysly, aňly-düşünjeli ýaşlaryň abraý-mertebesi, gadyry-gymmaty başgadyr. Bu barada halk nakyllarynda “Ogul edebi bilen arzyly, gyz gylygy bilen”, “Akylly ogul hümmetli, akylly gyz gymmatly”, “Akylly ogul hem edep hem talap” ýaly dürdäne sözler aýdylýar. Çünki päk ahlaklylyk, edep-ekram her bir ynsanyň bezegi-ýaraşygy – görki-gelşigidir. Bu barada dana Pyragy “Eýlegil özüň” atly şygrynda şeýle diýýär:
Akyl gerekdir başda,
Zen-de, goja hem ýaş-da,
Tapawudy bar aşda,
Gymmaty başga duzuň.
Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen bagly dana setirleri asyrlar içre öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda milli ahlak terbiýeçilik mekdebi köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen ýörelgeleriň asylly maşgala däpleri, urp-adatlary bilen utgaşýar. Çünki şahyryň döredijiliginde türkmeniň milli däp-dessurlary, geýinmek medeniýeti, salamlaşmak, hal-ahwal soraşmak edähedi, ata-eneňi gözüň göreji ýaly arzylamak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim–parasada ýugrulyp kämilleşdirilipdir. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň ruhy-ahlak mekdebinde ýekeje-de bimany sözüň ýokdugynyň aýdyň nyşanydyr.
Akyldar şahyrymyz ynsany halal ýol bilen gitmäge çagyrýar. Ol adamlaryň birek-birege ýagşylyk etmeklerini, agzybirlikde, dostanalykda ýaşamagyny ündeýär. Mahlasy, şahyryň edep-ahlak ähmiýetli şygyrlarynyň mazmunynda atalarymyzyň pähim-parasady, ýaş nesliň öz ýaşaýan döwrüniň terbiýeçilik, bilim, hünär öwrenmek boýunça kämil tejribelerini dogry we dürs kabul etmek baradaky nesihatlary öz beýanyny tapýar.
Gurbangül GURBANBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.