
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň bilim edaralarynda geçilýän sapaklaryň okadylmagynyň kämilleşdirilmeginde täze wezipeleri goýýar hem-de täze üstünliklere itergi berýär.
Ýeri gelende bellesek, bu resminamadan ugur alnyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda geçilýän sapaklaryň hem okadylmagy kämilleşdirilýär. Sapaklaryň okadylyşynyň kämilligini gazanmakda bolsa terbiýeçileriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, iş tejribesiniň artdyrylmagy we usuly taýýarlyklarynyň kämilleşdirilmegi hem möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz hem öz üstümizde yzygiderli işlemek bilen, usuly taýýarlygymyzy we tejribämizi artdyrmaga çalyşýarys.
Çünki bu Konsepsiýada Mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça çagalaryň umumy hereketiniň, duýgularynyň, sosial-emosional, ownuk hereketleriniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä iş tejribesine laýylykda guramagy dowam etdirmek ýaly wezipeler hem göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan hem çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak we olary mekdebe taýýarlamak ugrunda meýilnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge çalyşýarys.
Ýeri gelende bellesek, geçýän sapaklarymyzda gün pursatlarynda sanlylaşdyrylan serişdelerden we dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryndan netijeli peýdalanyp çagalara sowat öwretmekde, milli we döwrebap ruhda terbiýelemekde okuw-terbiýeçilik işlerini sazlaşykly guraýarys. Bu ugurda çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän usuly sagatlarda hem täze çemeleşmeler, usulyýetiň täze gazananlary bilen tanyşyp, sapaklarymyzda olarda öwrenenlerimizi özleşdirýäris.
Şeýlelikde, uly yhlas hem-de saýlap alan kärimize söýgi bilen çemeleşip, bagtyýar nesillerimiziň mynasyp okamaklaryny, öwrenmeklerini we bilim binýadynyň düýbüniň berkden tutulmagyny gazanmaga çalyşýarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň zamanabap bilim almagy, kämil terbiýelenmegi, pedagogik işgärleriň hünär taýdan kämilleşmegi ugrunda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Oguljahan ÇERKEZOWA,
Wekilbazar etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.