
Bu gün behişdi bedewlerimiziň at-owazasy has belende göterilip, jümle-jahana dolýar. Milli Liderimiziň bu babatda başyny başlan beýik işlerini hormatly Prezidentimiz mynasyp dowam etdirip, uly üstünliklere besleýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Behişdi bedewler umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde bu tohum atlaryň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ýeri bolan gadymy Ahal topragyna uly orun degişlidir. Ýelden ýüwrük, ajaýyp häsiýetli bedewler baradaky maglumatlar gadymy döwürlerde Hytaýda, Gresiýada we Rimde, Gomer, Ptolomeý, Strabon, Appian, Ksenofont, Gerodot ýaly irki antik döwrüň şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, alymlarynyň eserlerinde duş gelýär.
Halkymyz diňe bir seçgiçilik sungatynyň ýokary nusgasyny dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, ajaýyp atlaryň täze ugurlaryny döretmek arkaly, onuň genofondyny kämilleşdirip, bu tohumyň arassa ganlylygyny hem gorap saklamagy başarypdyr. Bu günki gün ýelden ýyndam atlary ösdürip ýetişdirmek we seýislemek sungatynyň baý tejribesi uly gyzyklanma eýe bolýar. Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeklerinde ahalteke bedewlerimize aýratyn gadyr goýulýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tohum atlaryň baş sanynyň has-da artdyrylmagy, ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzünde wagyz edilmegi boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň netijesidir.
Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly işlerini mynasyp dowam etdirýän milli atşynaslarymyz behişdi bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan, ady rowaýata öwrülen naýbaşy atlaryň baş sanyny artdyrmak babatda uly işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Olarda ahalteke bedewleriniň nesil ugruny dowam etdirmek üçin hemme zerur şertler döredilendir. Däp bolan at üstündäki milli oýunlar we atly sport görnüşleri, şol sanda konkur sporty ösdürilýär. Atly sportuň bu görnüşi türkmen tarapynyň teklibi esasynda Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizildi.
Ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde türkmen halkynyň Milli Liderine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen milli atçylyk sungatymyz ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp derejä eýe boldy. Milli Liderimiz behişdi bedewlere bagyşlap, «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserleri döretdi. Birnäçe dillere terjime edilen, bütin dünýäde ahalteke atlaryna gyzyklanmany artdyrmakda ähmiýetli orny bolan bu kitaplar bahasyz gymmatlyga öwrüldi.
2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dürli döwletleriň atçylyk düzümleriniň hünär hyzmatdaşlygy üçin abraýly meýdança boldy. Bu assosiasiýanyň alyp barýan işleri adamzat medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde ahalteke bedewleriniň ähmiýetine ünsi çekmäge şert döredýär. Häzirki döwürde biz ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şöhratynyň täzeden belende göterilýän zamanasynda ýaşaýarys. Halkymyzyň uçar ganaty, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygy bolan bedewler ähli döwürlerde-de aýratyn buýsanç hem-de ylham çeşmesi bolupdyr we şeýle bolmagynda-da galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uçar ganatymyz bolan bedewler okgunly ösýän Türkmenistanyň baş nyşanyna öwrülip, döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy dabaralandyrýar.
Arzuw NURYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.