
Oba hojalykçylaryň zähmet üstünliklerine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaý we pagta hasylyny öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berlip, olar bilen hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň döwrebap tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçileriň suw we mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň güwäsidir.
Döwlet tarapyndan berilýän şeýle goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda her ýylda uly üstünlikler gazanylýar. 2024-nji ýylda ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekilip, Watan harmanyna jemi 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilen. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz boýunça pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi hem-de edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde, möhüm möwsümde işler ýokary depginde alnyp barylýar.
Türkmenistanda oba hojalygynyň ylmy esasda toplumlaýyn ösdürilmegine, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 16-njy sentýabrda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, 19-20-nji sentýabrda bolsa «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň guralmagy aýratyn ähmiýetlidir.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin pagtaçy kärendeçilerimiziň hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklarynyň çägi ýok. Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda aýdyň ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Göwher BATYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.