
Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Şoňa görä-de,, 6-njy oktýabrda – Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar.
…Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna öz janlaryny pida etdiler. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, 76 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi. Bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary henizem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler.
Şol aýylganç gijäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi. Beýik şahsyýetiň çeken yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary müdimilik ýatda galar. Häzirki wagtda Aşgabat ak mermerli şähere öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň, ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň geljek nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary jemlenýär. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi.
Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar — weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar. Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Berdimuhamet aganyň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň mekdebidir.
Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.