
Düýn — 1-nji oktýabrda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Ýaşulularyň halkara güni ýokary derejede baýram edildi. Bu sene milli senenamamyzda aýratyn orny eýeläp, her ýylda ýokary derejede bellenilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna iberen Gutlagynda: «Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylaglary ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri Ýaşulularyň halkara gününiň jemgyýetçilik ähmiýetini, milli jemgyýetimizde ýaşuly nesilleriň ornunyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär.
Bilşimiz ýaly, mähriban ýurdumyzda ýaşuly nesillere belent sarpa goýulýar, olaryň terbiýeçilik mekdebine eýerilýär hem-de alyp barýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Elbetde, ýaşuly nesiller toý-baýramlarymyzyň bezegi, olaryň öwüt-ündewleri, pent-sargytlary, alyp barýan asylly işleri nesilleriň ýörelgesi. Olaryň şanyna tutulan toý senesinde bolsa ýaşuly nesillerimizi gutlamak, olar bilen duşuşyklary, baýramçylyk söhbetdeşliklerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Şu mynasybetli Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan hem birnäçe medeni çäreler geçirildi. Olarda il sylagly gojalarymyzyň, ýüzi nurly enelerimiziň alkyşly sözleri, pent-sargytlary diňlenilip, şanlaryna şygyrlar okalyp, aýdymlar aýdyldy. Olaryň göwün guşuna ganat berjek halk aýdymlary we sazlary hem-de gyzgyn gutlaglar, gowşurylan ýadygärlik sowgatlar baýram gününiň ýatdagalyjy wakalaryna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, raýatlaryň ömür dowamlylygynyň uzalmagy, şanly seneleriň milli ruhda we baý mazmunda baýram edilmegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Türkmistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyza, beýik işlerde belent görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Resul GAZAKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni.