Žurnalistiň sahypasy

Ýagty ýoluň ýalkymy

30-09-2024 / 140

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýokary guramaçylykly we baý mazmunly geçirilýär. Bu çäreleriň çäklerinde ýaş nesilleriň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş ugurly işlere hem uly orun berilýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem körpe nesliň ömrüni goramak, olaryň sosial-durmuş endiklerini ösdürmek, ýol hereketiniň howpsuzlygy we düzgün-kadalary bilen bagly düşünjeleri bermek babatda okuw-terbiýeçilik işleri usuly talaplara laýyklykda netijeli guralýar.

Ýeri gelende, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň köçe-ýol hereketiniň düzgünleri barada giň düşünje almagyny hem-de ony ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmak, bu ugurda okuw-öwredijilik ulgamyny kämilleşdirmek, çagalara köçe-ýol hereketiniň kadalary we onuň düzgünleri barada düşündiriş, wagyz-nesihat etmek, olaryň köçe-ýol hereketi barada alan düşünjelerini berkitmek we zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Ýaşyl yşyk» atly köçe-ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşik hem bu babatda geçirilýän işleriň hatarynda bellenilmäge degişlidir.

Ýakynda hem bu bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry ýokary derejede geçirildi. Oňa welaýatyň çagalar bakja-baglaryndan gelen körpelerdir, terbiýeçiler işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň bellenilen şertlerine laýyklykda, oňyn görkezijileri bilen biziň çagalar bakja-bagymyzyň körpelerinden düzülen topar bu bäsleşikde Baş baýraga mynasyp boldy. Belläp geçsek, Aýşa Muhammetkerimowa, Resul Poladow, Ejebaý Rahadowa, Emir Tejenow, Kerimguly Çaryýew, Kemal Musaýew, Meret Meretgeldiýew, Rowaç Amandurdyýew ýaly körpeleriň çykyşlary gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy. Şeýle-de terbiýeçiler Gülnara Hudaýşükürowa, Bahar Ataýewa we aýdym-saz mugallymlary Akgül Gulmyradowa, Rüstem Mülliýew dagylaryň sazlaşykly işleriniň we taýýarlygynyň bäsleşikde ajaýyp netije gazanmaga mümkinçilik berendigini bellemek gerek.

Welaýat derejesinde geçirilen şeýle bäsleşiklerde üstünlik gazanmak, mundan beýläk hem çagalar bakja-bagymyzyň ähli bilim-terbiýeçilik işgärlerini has yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Körpelerde bolsa döredijilige, sowat öwrenmäge, terbiýeli nesil hökmünde kemala gelmäge bolan höwesleri artdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, olaryň başarnyklaryny we bilimlerini artdyrmaga gönükdirilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!

Ogulsuraý NURLYÝEWA,
Mary şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu