Žurnalistiň sahypasy

Öwütleri ýörelge, ýaşlarymyza görelde

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni

30-09-2024 / 48

Bagtyýar halkymyzyň pähim-paýhas ýoly, geçmiş bilen şu gününi mynasyp dowam etmeklerinde ýaşuly nesliň, ene-mamalarymyzyň ömür we hünär ýollary nesillerimize nusgadyr. Ata-eneden ilkinji terbiýe alýan çaganyň, ýaşulynyň göreldesine mynasyp jogap berýän perzendiň düşünjesi, olaryň goýýan batly gadamy geljegimize şugla saçýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda Ýaşulularyň halkara gününiň dabaraly bellenilmeginde uly many bar.

Halkymyzyň milli mirasy, medeni we syýahatçylyk merkezleri, ata-babalarymyzdan galan edim-gylymlar, ene-mamalarymyzdan miras türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri, ahlak arassalygy, mynasyp perzent bolmaklary üçin ýadygär galdyran milli häsiýetlerimiz halkymyzyň baky öçmejek ruhy dünýäsiniň beýanydyr. Şol millilikler häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhy şahsyýetlerimiziň gaýduwsyz keşpleriniň bina edilmegi, çagalar bagyndan başlap, orta we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlarymyzyň aňynda terbiýelenmegi şanly geçmişimiz, şu günümiziň binýadyny düzüp, geljegimize nur paýlaýar.

Ýaşuly nesliň ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri bilen çykyş edip, olar bilen duşuşyklaryň ýygy-ýygydan geçirilmegi, durmuş we ömür ýollaryndaky tejribeli menzillerini gürrüň bermekleri ýaşlaryň terbiýesiniň päk ahlak taýdan arassa, milliliklerimize sarpa goýýan, olary gadyrlaýan nesiller bolup ýetmişmeklerine uly täsirini ýetirýär.

Ýaşuly nesliň agzybir jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna Milli Liderimiz ýokary baha berýär. Şunuň esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredildi. Milli Liderimiz geňeşiň mejlislerinde ýerlerde alnyp barylýan işler barada pikir alyşýar. Obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolup, gaznanyň alyp barýan işlerine hormatly ýaşulularymyzyň goldaw berýändigini nygtaýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyzyň hyzmaty örän uludyr.

Gyrmyzy ÖWEZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu