
Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda jogapkärli möwsüm dowam edýär. Her bir möwsümi üstünlikli alyp barmak ugrunda aladalanýan gallaçy daýhanlar geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly, güýçli depgin bilen dowam etdirýärler.
Üstümizdäki ýylyň bugdaý oragy möwsümini üstünlikli tamamlan gallaçylar irgözünden ýerleri ekişe taýýarlamagyň aladasynda boldular. Ýerleriň irgözinden sürlüp, tekizlenmegi, tehnikalaryň ekişe taýýar edilmegi bu günki günde özüniň oňyn netijesini berýär. Her bir oba hojalyk işgäri ýaly, gallaçy daýhanlar hem zähmet netijeleri bilen bu pudagyň ösmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. Zähmetsöýer pederlerimiziň «Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň» diýen şahyrana setirleriniň il içinde aýdylmagy ýöne ýerden däl. Halal zähmeti, maňlaý deri bilen azyk bolçulygyny döredýän halkymyz bagtyýarlygyň, agzybirligiň, zähmetsöýerligiň lezzetini duýup ýaşaýar.
Hemmämize belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň däneçilik pudagyny ösdürmekde hem uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler gallanyň tohumynyň ýokary hilliligini üpjün edýär. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlar dänäniň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda aladalanýarlar. Gallaçy kärendeçiler ýerden bol hasyl almagyň syrynyň halal zähmetde, agzybirlikdedigine örän oňat düşünýärler. Muňa laýyklykda welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işler agzybirlikde alnyp barylýar. Döwletimiz tarapyndan daýhana, ýer eýelerine berilýän hemaýat-goldawlara alkyş aýdýan kärendeçiler önüm bolçulygyny döretmegi baş maksat edinýärler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has-da ösdürilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlar tehnika, ýokary hilli tohumlar, suw, mineral dökünler bilen üpjün edilýär.
Halkymyzyň bagtyýar, abadan, bolelin durmuşy üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.