
Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýram — Ýaşulularyň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir. Şeýle ajaýyp däp-dessurlarymyza biz hemişe uly ähmiýet berýäris» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan il sylagly ýaşulularyň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Müňýyllyklardan gözbaşly bu ýörelgeler nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün etmek bilen, halkymyzy döredijilikli, beýik işlere ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň halkara güni» diýip yglan etdi. Bu halkara baýram mynasybetli dünýäniň çar künjeginde baýramçylyk dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Munuň özi halkara derejede il sylagly ýaşululara goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr.
Ýeri gelende bellesek, şanly Garaşsyzlygymyzyň bosagasynda paýtagtymyzda üstünlikli geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň uly toparynyň gatnaşmagy, il-ýurt bähbitli geňeş edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny äleme äşgär etdi. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ildeşlerimiziň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy.
Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen birlikde ýaşuly nesil barada bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, il sylagly ýaşulularyň danalyk mekdebi dowamat-dowam bolsun!
Şasenem AŞYRBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.