Žurnalistiň sahypasy

Bilimli nesiller — geljegiň eýeleri

29-09-2024 / 35

Milli ösüşimiziň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak we belent sepgitleriň ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar.

Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip belledi. Munuň özi ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekligiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilmelidigini görkezýär. Hut şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyryp, kämil ýaşlary ýetişdirmek boýunça ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Sanly bilim — kämil tejribe. Muny dünýä tejribesi doly subut etdi. Bu babatda häzirki döwürde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, agzalan konsepsiýalar milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede berkitmäge, ulgamy sanlylaşdyrmaga — sanly bilim ulgamyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut şu ugurda geljekde hem giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini bellemegi bolsa, bilimler ýurduna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistanda iň kämil innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly bilim ulgamynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Ýaňyl BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu