Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — ýagty ertirleriň gözbaşy

27-09-2024 / 35

Häzirki ajaýyp günlerimizde beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uly şatlyk bilen toýlaýarys. Şeýle toýly günlerde ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzda toýlara sowgatly barylýandygyny aýdyň beýan edýär.

Mälim bolşy ýaly, altyn güýzüň ilkinji aýynda biz şanly baýramy — Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçýäris. Bu baýram biz üçin iň arzyly baýramlaryň biri, çünki bu pederlerimiziň göwün küýsegine, köňül arzuwyna öwrülen arzuwyň amala aşan, arzylanyp ýetilen Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan baýram. Hut şonuň üçin-de, her ýyl bu baýramy ähli ildeşlerimiz uly dabara bilen belläp geçýärler. Şu ýyl biz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny belläp geçýäris. Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 33 ýylyň içinde biz Garaşsyzlygyň miwelerini ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görüp gelýäris.

Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dost-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ajaýyp geňeş toýuna öwrülip, ýetilen sepgitleriň we öňde duran menzilleriň özboluşly köprüsine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine atarýan, ilimiz hem ýurdumyz bähbitli döwletli tutumlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu