Žurnalistiň sahypasy

Döwletli mejlis — taryhyň täze sahypasy

28-09-2024 / 41

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bosagasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, garaşylyşy ýaly, il-günümizi begendiren çözgütlere we netijelere baý boldy. Hususan-da, mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşlary ajaýyp döwrümize bolan buýsanjymyzy öňküden-de artdyrdy.

Halkyň özygtyýarlylygy hukuk döwletiniň iň esasy alamatlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, munuň özi halk häkimiýetiniň, ýagny demokratiýany hakykat ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm şertidir. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edilip, Konstitusiýamyza Halk Maslahatynyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradygy, ony döretmegiň tertibiniň we ygtyýarlyklarynyň Konstitusion kanun bilen kesgitlenýändigi baradaky kadalar girizildi. Bu bolsa halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň döwletimiz üçin syýasy we hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamat-dowamlygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu edara häzirki wagtda giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, özgertmeleri we durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de döwletimiziň täze taryhy döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksatlary bolup durýar. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy ýurdumyzda giň gerimli işleri amala aşyrmak bilen, halkyň arasynda uly abraý gazandy, belent ynama mynasyp boldy.

Görnüşi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan syýasy tejribe we milli däpler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ýörelgeleridir. Bu ýörelgeler şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini we kämilleşmegini üpjün etmäge gönükdirilýär. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary diňe bir ykrar edilmän, eýsem, juda berk kepillendirilýär, halkyň işjeň gatnaşmagynda, göni hem-de wekilçilikli demokratik ýörelgeleriň esasynda döredilen döwlet edaralary tarapyndan üpjün edilýär, goralýar.

Bizi arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Tyllagözel ATAMURADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünariniň 102-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu