
Magtymguly Pyragy müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir. Beýik şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan şygryýeti tutuş adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň täze taryhy döwrümiziň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratynyň şular ýaly ýokary derejede bolmagynyň, onuň dünýäde giňden tanalmagynyň esasynda duran zat akyldaryň ýüreginiň halk, Watan, adamzadyň rahat durmuşy diýip urmagyndadyr. Dürli taryhy sebäpler, uruş-jenjeller sebäpli türkmen halkynyň döwlet, döwletlilik baradaky islegi gursaklarda arzuwlygyna galdy. Magtymguly Pyragy bu arzuwy amala aşyrmagyň ýollaryny ilkinji bolup aýdyň görkezen we bu ugurda azap baryny çeken şahsyýetdir.
Türkmenlerde milli döwlet gurmak meselesini nazary taýdan ilkinji orta atan akyldar Magtymguly Pyragydyr. Dogry, Magtymgulydan öň umumy türki dili ösdürmek, türki dilde eserleri döretmek meselesinde beýleki bir türki-türkmen şahyry Alyşir Nowaýy hem köp işleri edipdir. Bu babatda Nurmuhammet Andalyp has-da uly netijeleri gazanypdyr. Ol edebiýatda umumy türki dilde — kitaby dilde eser ýazmak ýörelgesinden halkyň gepleşik dilinde, arassa türkmen dilinde eser ýazmak derejesine çenli ýol geçipdir. Şeýdibem, ol eseriň dili meselesinde milli islegleri duýan we kanagatlandyran hem bolsa, edebiýatyň gozgaýan meseleleri babatda milliligi doly aýdyňlaşdyrmandyr. Emma Magtymguly edebiýatyň dilini halkylaşdyrmak, arasynda ýaşaýan halkynyň isleg-arzuwlaryny açykdan-açyk beýan etmek, ýaşaýyş-durmuşyny anyk suratlandyrmak bilen çäklenmän, iň esasy meseläni — milli döwlet gurmak baradaky garaýyşlaryny aýgytlylyk bilen orta atypdyr. Bu bolsa diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, türki dilli edebiýatyň taryhynda hem uly öwrülişik döredipdir.
Şahyr agzybirlik, birleşmek, milli döwlet gurmak baradaky pikirlerini amala aşyrmaga girişende, taýpadaşlarynyň arasynda agzybirligi döredip bolsa, özgelere-de görelde bolar, agzybirligiň beren netijeleri beýleki türkmen taýpalaryny hem bu işe — milli döwlet gurmak işine çekmäge ýardam berer diýen pikirden ugur alypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky göreşidir hem-de agzalalygy ýazgarmagydyr» diýip, örän jaýdar belleýär.
Şahyryň türkmen taýpalaryny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky ajaýyp pikirleri onuň «Türkmeniň» we «Türkmen binasy» atly goşgularynda has belent derejä çykýar. Akyldaryň beýik arzuwlarynyň hasyl bolşuny biz bu gün öz Garaşsyz ýurdumyzyň mysalynda görýäris. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti täze taryhy zamanada — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ýaň salýan ösüşleri gazanýar.
Hallygözel HANGELDIÝEWA,
Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.