
«Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdirler. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.
Halk Maslahaty — munuň özi, ilkinji nobatda, agzybirligiň, adalatlylygyň jebisligiň nyşany.
Halk Maslahaty — şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleriniň dowamy.
Halk Maslahaty — hakyky halk demokratiýasy.
Halk Maslahaty — beýik işleriň başlangyjy, türkmen halkynyň geljegi.
Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumda çykyş edip, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa öz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek bilen bagly möhüm resminamalara-da gol çekdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Perman hem bar.
Beýik işler hemişe adamlaryň kalbyny ýagtyldýar, geljegine röwşenlik çaýýar. Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, taryhy ösüşler bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bütin dünýäde belent mertebä, uly at-abraýa eýe bolan Milli Liderimiziň parasatly taglymatynda halkymyz baradaky aladalaryň ruhy güýji jemlenýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Şirin TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallym: Wepa AGAÝEW.