
Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu şöhratly senäni uly joşgun we dabara bilen toýlaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr. Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň-bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir. Şu jähetden, Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, durmuş-ykdysady ugurlaryň ulgamlaýyn ösüşinde aýdyň ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip bu bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Bu günki gün türkmen halky asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasynda — bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşaýar. Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.
Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.