
Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açdy.
Adatça bolşy ýaly, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny — ýurdumyzyň baş toýuny hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen uludan tutýar. Türkmen halky üçin bu şanly senäniň ähmiýeti ymgyr uly, onuň köpmüňýyllyk taryhy XXI asyrda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitler bilen dabaralanýar.
Garaşsyzlyk baýramy beýik işlerimiziň dabaralanmasydyr. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň sene ýazgysy köp sanly ajaýyp wakalar hem-de işler bilen bellenildi. Täzeden galkynan türkmen topragy, ýüzlerçe täze ykdysady desgalar, bol hasyl eçilýän meýdanlar, bagtly durmuş, erkin adamlar — gysga wagtda-da örän köp zat edip biljekdigimizi, ähli başarnygymyzy bir ýere jemläp, geçilmesi mümkin däl hasaplanylan sepgitleri eýelemegi, ýeňiş gazanmagy başarýandygymyzy subut etdi. Indi geçilen ýola ser salyp, edilen we edilýän işlere baha bermek bilen, Garaşsyz Türkmenistanyň gözümiziň alnynda ýazylan täze taryhyna buýsanmaga haklydyrys.
Bu günki ösüşli menzillerimizde Bitaraplyk we Garaşsyzlyk biziň her birimiz üçin egsilmez buýsanç çeşmesidir. Çünki Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Biz bu beýik bagta buýsanyp, ony wasp etmelidiris. Şeýle belent maksatlary ýürekde beslemäge, olary amal etmäge giň mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy röwşen ertirlere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi has-da pajarlap, toýlary toýa ulaşsyn!
Nurgeldi NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekomunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.