Žurnalistiň sahypasy

Täze eýýamyň belent maksatlary

26-09-2024 / 31

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk eýýamynda döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy.

Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Bu gün Garaşsyzlygyň arka atylan 33 ýyly halkyň durmuşynda-da, sebit we halkara derejede-de türkmen döwletiniň taryhy ornunyň aýratynlyklaryny kesgitlän, dünýä ýaýan döredijilikli döwür boldy diýip aýtmaga doly esas bar.

Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumda çykyş edip, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa öz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek bilen bagly möhüm resminamalara-da gol çekdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Perman hem bar.

Aslynda, bu taryhy resminamanyň kökleri taryha uzaýar, ýagny Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy geljek ýylda 30 ýaşaýar. Bu taryh üçin göräýmäge o diýen uzak möhlet bolmasa-da, şu geçen ýyllarda Garaşsyz Watanymyz dünýäde hoşniýetlilige, birek-birege ynanyşmaga eýerýän, parahatçylygy, asudalygy berkarar etmek üçin yzygiderli tagalla edýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şanly ýylda geçirilen taryhy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň okap beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze goşgusyny bolsa watandaşlarymyz türkmen Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny beýan edýän nobatdaky ajaýyp eser hökmünde uly ruhubelentlik bilen garşylady.

Ata-babalarymyzdan miras galan milli durmuş ýörelgelerini ýaşaýşyň ruhy tugy derejesinde kalbynda göterip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere goşant goşmakda tutanýerli zähmet çekýän, önümçilikde görelde görkezýän, döredijilikde halkyň ruhuny galkyndyrýan, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny üstünlikli özleşdirýän, öz durmuşyny toý-baýramlar bilen bezemegi başarýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny täze taryhymyzyň şöhratly ösüş ýolunyň ýene bir altyn sahypasyna öwürmek üçin döwrümizi beýik zähmet ýeňişlerine besleýär.

Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu