Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — bagt wysaly

26-09-2024 / 30

Gülläp ösýän ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar şatlykly hem bagtly pursatlar bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy uludan toýlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzy bezäp-besleýär. Nesibe baýlygyna gol beren halkymyzyň altyn ykbalyna bagt paýyny eçilen Garaşsyzlygyň hil taýdan täze tapgyrynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan beýik ýeňişler, uly üstünlikler ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar.

Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, pederlerden dowam bolan sowulmajak täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Eýsem, dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy  şöhlelendirmekden, dünýäde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?!

Ýurdumyzyň, halkymyzyň Garaşsyzlyga esaslanýan durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk, ruhy-ahlak maksatlary konstitusion binýatda ösüşlere beslenýän milli hukuk ulgamynyň mazmunynda, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda öz beýanyny tapýar. Bu resminamalar Garaşsyzlygyň miweleriniň özboluşly, tapawutly taraplaryna, düýp mazmunyna, taryhy ähmiýetine we durmuş gymmatlygyna çuň düşünmek üçin ýol görkeziji çelgi bolup durýar.

Häzirki wagtda ynsan, onuň durmuşy, erkinligi, gadyr-gymmaty we adam hukuklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilip, Konstitusiýamyzda berkidildi. Adamyň durmuş gymmatlyklarynyň konstitusion ýörelge derejesine göterilmegi ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň kämilligini görkezýär. Adama bolan şeýle ynsanperwer gatnaşyk, hukuk ulgamynyň barha kämilleşdirilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynyň esasy alamatlarynyň biridir. Şeýlelikde, halk bilen Watanyň bähbitleriniň we islegleriniň birligi emele geldi.

Garaşsyzlyk ýurduň parahatçylygydyr, halkymyzyň eşretli zamanasynyň bagt wysalydyr. Garaşsyzlyga guwanmak – Watanyňa, bagtyňa guwanmakdyr. Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun!

Bägül JUMAGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu