Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — beýik gymmatlygymyz

26-09-2024 / 71

Garaşsyzlyk! Bu mukaddes sözde kalbyňa ganat berýän güýç bar. Garaşsyz Türkmenistan! Ýüregiňi joşdurýan bu sözler eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň azatlygynyň, erkinliginiň, özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy bolup, 1991-nji ýylyň güýzünde taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy biziň bagtly durmuşymyzyň şamçyragy bolup, asmanyň nurly Güni deý türkmen ilini özüniň ýyly mährine çoýdy.

Bu ýagty jahanda her bir adamyň baş arzuwy il-ýurdunyň parahatlygy, öý-ojagynyň rahatlygy. Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada ýaşaýar hem-de Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Türkmenistanlylaryň häzirki abadan durmuşy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleriň ajaýyp miwesidir. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygar bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli, durmuş ugurly maksatnamalar netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi düýpli özgerdi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda, parahatçylykda we asudalykda ýaşamagy, özüniň tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredildi. Düýpli durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň möhüm ugurlaryny, açylýan giň mümkinçilikleri hasaba alnyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen ählihalk forumyna gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyna, asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelere, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygyň beýanyna öwrüldi. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk döretmek üçin güýç-kuwwat, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy berkitmek üçin çäksiz ylham berýär. Geçen 33 ýylda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler geçirildi. Bularyň ählisi türkmenistanlylaryň kalbyny ata Watanymyza çäksiz buýsanç duýgusy bilen doldurýar, öňde goýlan belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Garaşsyzlygyň eçilýän nygmatlary, özygtyýarlylygyň höziri halkymyzyň ýüregine ajaýyp owaz bolup girýär. Erkinligiň owazy gül Diýarymyzyň gujagynda hem gursagynda, her bir ynsanyň köňül köşgünde ýaňlanýar. Ol owaz her dogan Günde-de, her bir açylan täze gülde-de, her daragtyň ter ýapragynda-da mylaýym ýaňlanyp dur. Ol ýakymly owaz ata Watany söýmek, onuň Garaşsyzlygyna tüýs ýürekden guwanmak hem buýsanmak bagtyndan döreýän ajap aýdymlarda, şirin mukamlarda dowam edýär.

Garýagdy GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu