
Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 33 ýyl dolýar. Bu naýbaşy sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň durmuşynda taryhy mukaddeslikdir. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar giň gerimli işler durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda güneşli Diýarymyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäde okgunly ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyşda, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünlikleri buýsandyryjydyr. Bu beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny, röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.
Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan çirksiz goşantlary has-da dabaralanýar. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň her bir pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biri Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.
Garaşsyzlygyň eçilýän nygmatlary, özygtyýarlylygyň höziri halkymyzyň ýüregine ajaýyp owaz bolup girýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň owazy gül Diýarymyzyň gujagynda hem gursagynda, her bir ynsanyň köňül köşgünde ýaňlanýar. Ol owaz her dogan Günde-de, her bir açylan täze gülde-de, her daragtyň ter ýapragynda-da mylaýym ýaňlanyp dur. Ol ýakymly owaz ata Watany söýmek, onuň Garaşsyzlygyna tüýs ýürekden guwanmak hem buýsanmak bagtyndan döreýän ajap aýdymlarda, şirin mukamlarda dowam edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Şahnoza ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň II ýyl talyby.