
Döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ençeme watandaşlarymyz döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda meniň hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym ykbalymyň ýatdan çykmajak wakasyna öwrüldi.
Milli bilim ulgamynda birnäçe ýyllaryň dowamynda çeken zähmetime berlen bu döwlet sylagy meni mundan beýläk hem has yhlasly, has netijeli zähmet çekmäge höweslendirýär. Çünki ýurdumyzda saýlan käriň hakyky eýesi bolup zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge, hünär babatda kämilleşmäge ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu hakykat bilim ulgamynyň düzümlerinde has-da ýiti duýulýar. Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemäge, pedagogik işi netijeli alyp barmaga, döwrebap usulyýetden işjeň peýdalanmaga gönükdirilen ajaýyp şertler biziň her birimizde joşgunly zähmet çekmäge bolan duýgulary oýarýar.
Ähli pudaklarda we ulgamlarda zähmet çekýän watandaşlarymyz bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň wekilleriniň hem ençemesiniň şeýle Şa serpaýlary bilen sylaglanmagy bilim-terbiýeçilik işgärlerine bildirilýän uly ynamyň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär» diýen sözlerinden ugur alyp, biz geljekde hem ata Watanymyza wepaly, zähmetsöýer, bilimli hem sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek ugrunda maksadalaýyk işleri alyp barmaga ruhlanýarys.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp baýramynda toý şatlygymyzy goşalandyryp, ykballarymyzy gülledýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýaryn. Goý, Garaşsyz ýurdumyzda Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşyl Tugumyz belentde parlap, bilim-terbiýeli bagtyýar nesillerimiziň gülki sesleri döwrümiziň eşretiniň buşluk owazy bolup ýaňlansyn!
Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi.