Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri ― beýik pikirleriň miwesi!

26-09-2024 / 44

«Döwletliniň toýy goşa-goşadan geler» diýilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan şöhratly ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» megataslamanyň — Arkadag şäheriniň halkara baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy täze döwrümiziň taryhynyň beýik wakasydyr.

Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri ýörite baýraklaryň 3-sine, hususan-da, Arkadag şäheri «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç sany sylaga mynasyp boldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy aýratyn buýsançlydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerine baryp görmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary serginiň çäklerinde guralan degişli baýraklary gowşuryş dabarasyna gatnaşdylar.

Dünýäde iki sany esas, iki sany binýat bar bolsa, olary biri gözellik, beýlekisi bolsa hakykatdyr. Hem gözelligiň, hem hakykatyň dabaralanmasy Arkadag şäherinde doly ýüze çykýar. Arkadag şäheri ― Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik başarnygynyň miwesi! Şonuň üçin berlen halkara sylaglar hem hormatly Arkadagymyzyň beýik ukybyna ýokary bahadyr.

Döwri beýik işler, milleti milli buýsanç beýgeldýär. Arkadag şäheri hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhyň öňünde bitiren uly hyzmatydyr. Ösüşlerimiziň ähli ugurlary bu şäherde öz kämil beýanyny tapýar. Bu şäher halkymyzyň kalbyny birleşdirýän beýiklikdir. Arkadag şäheriniň heniz görlüp-eşidilmedik şähergurluşyk strategiýasy täze eýýamymyzyň gurmak gudratynyň, gurulýan zatlara guwanmak bagtynyň özboluşly sazlaşygyny, ruhy joşgunyny döredýär. Bu şäherde asyrlaryň ýaňy bar.

Jeren BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu