Žurnalistiň sahypasy

Budur ki türkmen binasy…

25-09-2024 / 28

Garaşsyzlyk — halkymyzyň milli buýsanjy. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň durmuşynda taryhy mukaddeslikdir. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar giň gerimli işler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda güneşli Diýarymyz ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäde okgunly ösýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, senagatda, saglygy goraýyşda, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalyk pudagynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünlikleri buýsandyryjydyr. Bu beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny, röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.

Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede baýram edilýär. Halkyň asuda, bagtly durmuşyny arzuwlan beýik şahyryň pähim-parasatdan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen halky üçin däl, bütin adamzat üçin hem mynasyp ýol-ýörelge boldy. Şahyr agzybirlik, birleşmek, milli döwlet gurmak baradaky pikirlerini amala aşyrmaga girişende, taýpadaşlarynyň arasynda agzybirligi döredip bolsa, özgelere-de görelde bolar, agzybirligiň beren netijeleri beýleki türkmen taýpalaryny hem bu işe — milli döwlet gurmak işine çekmäge ýardam berer diýen pikirden ugur alypdyr. Şahyryň türkmen taýpalaryny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky ajaýyp pikirleri onuň «Türkmeniň» we «Türkmen binasy» atly goşgularynda has belent derejä çykýar. Akyldaryň beýik arzuwlarynyň hasyl bolşuny biz bu gün öz Garaşsyz ýurdumyzyň mysalynda görýäris.

Mizemez Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga eýe bolan, parahat, asuda ýurdumyzda halkymyzyň abadan, eşretli durmuşyny yzygiderli üpjün etmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Oguljemal HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu