Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Köňülleriň nur çyragy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

25-09-2024 / 20

Gadymdan gelýän medeni mirasy, çuňňur mazmunly milli edebiýaty bolan türkmen halkymyz ençeme beýik şahsyýetleri, söz ussatlary bilen umumadamzat paýhasyna uly goşant goşdy. Merdana pederlerimiziň ruhy-ahlak, ylmy-pelsepewi garaýyşlaryny iň kämil derejede özleşdiren hem-de ösdüren Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem her bir ynsanyň kalbyny ganatlandyrýar.

XIX asyryň ikinji ýarymyndan tä bu günki güne çenli milli şahyrymyzyň edebi mirasy köptaraplaýyn içgin öwrenilip, ençeme garaýyşlar beýan edildi, dürli dillerde ylmy kitaplardyr makalalar çap edildi. Magtymguly Pyragy umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pelsepewi we ynsanperwer garaýyşlary bilen türkmen halkynyň adyny dünýä ýaýdy. Magtymguly Pyragynyň esaslandyran täze edebi mekdebi we pelsepewi ýoly özünden soňky ähli nesiller tarapyndan hemmetaraplaýyn dowam etdirilip, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkararlyk, bagtyýarlyk ruhunda dowam etdirilýär.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Beýik Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly mowzuk döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda hem beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Şonda döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşyny beýik Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň sözleri bilen tamamlamagy dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Jemläp aýdanyňda, Magtymguly atamyz türkmen edebiýatynyň ösüşine örän uly goşant goşan, türkmen edebi diliniň kemala gelmeginde we kämilleşmeginde uly işleri bitiren parasatly şahsyýetdir. Beýik söz ussadynyň miras goýan ajaýyp pähimlerini we ynsanperwer ideýalaryny ýaş nesillerimiziň kämil özleşdirmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýusup NURYÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu