Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — bagtdan paý, Arşdan serpaý

25-09-2024 / 43

Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen milletimiziň bagtynyň daş ýaryp duran ösüşli we tas ýiteňkirläberen, gowgaly, gaýdyşly döwürleri başdan geçirendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyz ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda Garaşsyz, berkarar, bagtyýar döwletiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Gözbaşyny Oguz han Türkmenden alyp gaýdýan halkymyz baryp şol döwürlerde özbaşdak türkmen döwletliliginiň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarypdyr.

Özbaşdak döwletiň binýadynyň goýlanyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 33 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty. Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan dogan ýagty Gün, ak bagt, ak nurdur.

Garaşsyzlyk göwünleriň galkynmasydyr.

Garaşsyzlyk arzuw-hyýallaryň hakykata öwrülmesidir.

Garaşsyzlyk ähli üstünlikleriň gözbaşydyr, iň esasy özenidir.

Garaşsyzlyk ýürekleriň, göwünleriň erkana dem almasydyr.

Garaşsyzlyk baýramçylyklarymyzyň seresidir, biziň baş baýramymyzdyr.

Garaşsyzlyk halkymyzyň berkararlygynyň binýadydyr, asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysala gowuşmagydyr, türkmen ýaşlarynyň nurana ykbalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen, döwletimiziň güýç-kuwwaty hem-de beýik geljegi bolan bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Diýarymyzyň geljegine gönükdirilen maksatlaryň ýoly bilen döredijilikli işlere, täze menzillere ýetmekde, beýik Garaşsyzlygyň giň mümkinçilikleri esasynda gazanylan üstünlikleri dowam etdirmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şeýle belent ynamdan ruhlanýan türkmen ýaşlary ylymda, bilimde täze sepgitlere ýetýärler.

Oýlanyşykly başlangyçlary arkaly berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşmakda, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny, oňyn tejribelerini milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna ornaşdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary diňe bir döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda alnyp barylýan ilhalar tutumlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýäde dost-doganlygy berkitmek, durnukly ösüşi gazanmak ýaly ählumumy bähbitlere gönükdirilen işleriň rowaçlyklara beslenmeginde hem başarnyklaryny orta goýýarlar.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu