
Hakykatdanam, Garaşsyzlyk – kalplara ýylylyk, mähir, söýgi eçilen gudrat, il-halky baky bagta ýetiren şamçyrag, her bir türkmen ojagyna gonan bagt guşy. Bu gün agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.
Her döwür adamlaryň ruhy dünýäsine özüçe täsir edýär, olaryň daş keşbinde, özlerini alyp baryşlarynda beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, berkarar döwletde bagtyýar ýaşaýan ruhubelent watandaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa mähriban il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bagtyýarlyk döwrümiziň toý-baýrama beslenip gelýän ýyllarynyň her güni ykballarymyza nur çaýýar, ýalkym saçýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir» diýip jaýdar belleýşine görä, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Ertirleri döwrümiziň bagt mukamyna ýugrulyp, her säherde ildeşlerimize durmuşa bolan çäksiz söýgini sowgat edýän Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, il-günümiziň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar, Watanymyza, bolan guwanç, buýsanç duýgularyny artdyrýar. Şeýle ösüşli Watanymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň esasy özeninde bolsa, Garaşsyzlygyň ýalkymy bar.
Garaşsyzlyk biziň milli guwanjymyzdyr. Döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi galkyndyrýar. Goý, berkarar Watanymyzda toýlar toýa ulaşsyn! Türkmen halkynyň bagtyýar, abadan ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.