
Ata Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen garşylaýar.
Özygtyýarlylygyň we Garaşsyzlygyň hukuk esaslaryna ser salanyňda, milli döwlet gurluşynyň kemala gelmeginiň gözbaşynda 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamanyň durýandygyny bellemek bolar. Bu Jarnamada türkmen halky öz erk-islegini beýan edip we öz ykbaly üçin jogapkärçilikden ugur alyp hem-de milletleriň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny jar etdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň emele gelmeginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu hukuk namasy soňra 1991-nji ýylyň güýzünde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy-hukuk şertlerini döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bolsa bu taryhy hukuk namalarynyň tutuş mazmunyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr. Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň-bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir. Şu jähetden, Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, durmuş-ykdysady ugurlaryň ulgamlaýyn ösüşinde aýdyň ýüze çykýar. Garaşsyzlygyň miweleri, netijeleri her bir adamyň durmuşynda aýdyň şöhlelenýär.
Ýurdumyzyň, halkymyzyň Garaşsyzlyga esaslanýan durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk, ruhy-ahlak maksatlary konstitusion binýatda ösüşlere beslenýän milli hukuk ulgamynyň mazmunynda, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda öz beýanyny tapýar. Bu resminamalar Garaşsyzlygyň miweleriniň özboluşly, tapawutly taraplaryna, düýp mazmunyna, taryhy ähmiýetine we durmuş gymmatlygyna çuň düşünmek üçin ýol görkeziji çelgi bolup durýar.
Mamajan ŞUKUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.