Žurnalistiň sahypasy

Bilim — halkyň baýlygy

25-09-2024 / 35

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy pursatlary bilim işgärleri hökmünde biziň aňymyzda hemişelik orun aldy. Çünki bu mejlisiň taryhy çözgütleri, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly çykyşlary, döwürdeş şahsyýetlerimiziň sylaglanmagy ýurdumyzyň ösüşlerine has anyk göz ýetirmäge, geljegimize has ynamly nazar bilen garamaga, merdana milletimiziň röwşen ykbalyna guwanmaga nobatdaky gezek esas döretdi.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan sepgitler bilen bir hatarda, milli bilim ulgamy babatda hem bellenilenler bizi has-da buýsandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz baý mazmunly çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýip, bu ulgamlaryň sazlaşykly işini jaýdar häsiýetlendirdi. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýa» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berendigini bellemegi, bu ulgama degişli döwlet resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde durýan uly wezipeleriň hatarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak ýaly wezipeleri agzamagy bolsa biziň guwanjymyzy has-da artdyrdy.

Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam edýän hormatly Prezidentimiz hem toý ruhuna beslenen bu döwletli maslahatda eden çykyşynda bilim ulgamy bilen bagly meseleler babatda giňişleýin belläp geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň:  «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip bellemegi bilim ulgamynyň saýlan ýolunyň aýdyň we netijelidigini, milli däplerden gözbaş alyp döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. «Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň işiniň köpugurly we giň gerimli ösdüriljekdigine ünsi çekýär. Munuň özi Garaşsyz ýurdumyzda mundan beýläk hem ýaş nesilleriň terbiýeli, bilimli we hünärli keşbini kemala getirmekde döwletimiz tarapyndan tagallalaryň durmuşa geçiriljekdiginiň güwäsidir.

Şeýle taryhy maslahatlara gatnaşmak bilen biziň öňümizde ondan gelip çykýan wezipeleri, kabul edilen çözgütleriň taryhy ähmiýetini okuw-terbiýeçilik, usuly guramaçylyk işlerinde wagyz etmek ýaly wezipeler dur. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Garaşsyzlyk guwanjy bilen galkynan halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda döwrümiziň ajaýyplygyny, ösüşli ýollarymyzyň rowaçlygyny şeýle taryhy wakalaryň üsti bilen beýan edýäris hem-de täsirli duýgularymyzy paýlaşýarys.

Çünki arkasynda Milli Lideri bolan hem-de döwlet başynda Arkadagly Gahryman Serdary bolan beýik halkyň buýsanjy hiç haçan egsilmeýär, şeýle-de bagty bakylygyň atyny çapyp, nesilleri mundan beýlägem eşretli ertirlere atarýar.

Ogulgerek ABDYLLAÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu