Žurnalistiň sahypasy

Nesilleriň toý joşguny

25-09-2024 / 46

Ýurdumyzda ähli şanly seneler hem ýokary guramaçylyk derejesinde baýram edilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolsa baýramçylyklaryň guralyşy, geçirilişi taýdan has täsirli we has gyzykly häsiýete eýe bolýar. Çünki altyn geljegimiz bolan bagtyýar çagalar baýramçylygyň baş bezegi bolup, bu ýerde olaryň çykyşlary, baýramçylyk joşguny has belent ýaňlanýar.

Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şol sanda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli «Şan şöhratyň dünýä ykrar, Garaşsyzlyk bagtyň Watan!» atly baýramçylyk ertirligi geçirildi.

Körpeleriň joşgunly çykyşlaryna, şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslenen bu baýramçylykda bagtyýar nesillerimiz öz zehinlerini, başarnyklaryny, döredijilik üstünliklerini açyp görkezdiler. Çagalaryň ýerine ýetiren tanslarynda, aýdym-sazlarynda, okan goşgularynda, sahnalaşdyrylan çykyşlarynda, ata-eneleriň we bilim işgärleriniň gutlag sözlerinde, şeýle-de çagalaryň çeken suratlarynyň sergilerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary mynasyp beýanyny tapdy.

Usuly hem pedagogik taýdan netijeli geçen bu baýramçylykda görkezilen ähli joşgunly çykyşlar çagalaryň baýramçylyk sowgady hökmünde gyzgyn garşy alnyp, olar el çarpyşmalary bilen goldandy hem höweslendirildi.

Şeýle ajaýyp zamanada yhlasly zähmet çekmäge, döredijilikli işläp, nesillerimizi sagdyn hem sowatly ruhda kemala getirmäge, şanly senelerimizi agzybirlikde we maksadalaýyk derejede baýram etmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan arzyly alkyşlar köňülleriň töründen joşup çykýar.

Wera TRETÝAKOWA,
Mary şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu