
Garaşsyzlyk munuň özi milletiň bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, halkymyzyň geçmişe we geljege ýaň salýan bagtyýarlyk we parahatçylyk mukamydyr.
Garaşsyzlyk nury türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasy bolup, halkymyzyň bagtyýar ertirlere uzaýan ak ýoluna ýalkym saçdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyllarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ykbalyny düýpli üýtgetdi, at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy. Ösüşlere beslenýän şol ýyllaryň her birinde mähriban Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen belent sepgitleriň we döwletli tutumlaryň ýüzlerçesi bar. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň durmuşynda asyrlara barabar ýoluň geçilendigini görkezýär.
Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýandyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolup, oňa merdana pederlerimiziň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar il bähbitli tutumly maksatlara öwrülende bolsa, diňe beýik işler amala aşyrylýar, özgerişler ýaran bolýar. Bu Garaşsyz Türkmenistanyň mysalynda hem şeýledir. Şunuň bilen baglylykda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Halkymyzyň asuda we abadan durmuşy, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dostana gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde rowaç tapdy. Ýurdumyzda demokratik ösüşiň pugtalandyrylmagy, raýatlarymyzyň hukuklarynyň, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik şertleriniň kämilleşdirilmegi halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň görnetin gowulanmagyna getirdi.
Täze taryhy döwrümizde biz – talyp ýaşlar hem bilimimizi artdyryp, öz saýlan hünärimiz boýunça başarnyklarymyzy has-da kämilleşdirýäris. Goý, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn!
Aýjemal UZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.