Žurnalistiň sahypasy

Tüýs ykbalyň çüwmesi

23-09-2024 / 28

Berkarar döwletimiziň, bagtyýar halkymyzyň her güni düýpli özgerişliklere we şanly rowaçlyklara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ata Watanymyz günsaýyn kuwwatlanýar. Eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, ilimiziň abadançylygy, geljegimiziň aýdyňlygy türkmeniň eşretli eýýamlydygyndan, döwletli döwranlydygyndan habar berýär.

Mukaddeslik diýlende, ilkinji hakydaňa gelýän düşünjeler Watan, öý-ojak, maşgala. Şu mukaddesliklere çyrag bolýan esasy zat bolsa, ýurduň özygtyýarlygydyr. Garaşsyzlyk Watanyň döwlet hökmünde mertebe belentligine göterilmegidir. Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygydyr we halkyň, Watanyň barlygy hem bakylygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk milli buýsanjymyzdyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuw-umytlarynyň hasyl bolmagydyr.

Bedew batly ösüşler, belent sepgitli ýeňişler, beýik işler bilen utgaşyp, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik, jebislik ýörelgeleriň täze many-mazmunyna eýe bolup, Watanymyzda toýlaryň-toýa ulaşýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty aýdyň şöhlelendiryär.

Garaşsyzlyk diýen keremli söz her bir millet üçin, her bir akylly-başly, aňly-düşünjeli ynsan üçin eziz hem arzyly. Garaşsyzlyk — milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasy, buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde deňli-derejeli, mertebeli ýaşamagyň kepilnamasy.

Agzybirlik, bitewilik ýörelgesi Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolanymyzdan soň, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ähli üstünliklerimiziň hem-de rowaçlyklarymyzyň özeni bolan bu mukaddes ýol-ýörelge häzirki Galkynyşly döwrümizde has-da rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni kalplara şatlyk, mähir, nur çaýýar. Döwrümiziň arka atylýan her gününiň mysalynda şu hakykata şaýat bolmagyň üýtgeşik lezzeti we çäksiz buýsanjy biziň göwnümizi ganatlandyrýar, eşretli durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýlar KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu