Žurnalistiň sahypasy

Halkda Hakyň ady bar

24-09-2024 / 18

Halkymyzda şeýle ajaýyp milli ýörelge bar: il bähbitli işe girişilmezden, uly toýlara başlanylmazdan öňinçä il sylagly ýașulular, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlar bilen maslahat edilýär. Bu däp öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden, baryp-ha Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýar. 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.

Maksat-meýilleri anyk, takyk kesgitlemek islendik babatda bolşy ýaly, döwlet durmuşynda-da örän möhüm bolmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde esasy çelgidir. Şunda Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän ählihalk forumy möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary onuň düýp esasyny düzýär.

Beýik işler hemişe adamlaryň kalbyny ýagtyldýar, geljegine röwşenlik çaýýar. Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, taryhy ösüşler bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bütin dünýäde belent mertebä, uly at-abraýa eýe bolan Milli Liderimiziň parasatly taglymatynda halkymyz baradaky aladalaryň ruhy güýji jemlenýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolan Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň beýanydyr. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.

Merjen ŞIHIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu