Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk bilen galkynýar nesiller

24-09-2024 / 32

Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaş nesilleriň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy bilen ýaş nesillerimiz diňe bir ýurduň geljegi däl, eýsem, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.

Naýbaşy sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli biziň çagalar bagymyzda hem birnäçe çäreler geçirilýär. Körpeje nesillere ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan özbaşdaklygynyň gymmaty, Garaşsyzlygyň beren miweleri, ýeten beýik sepgitlerimiz, täze maksatlara, ösüşli menzillere olaryň hem işjeň goşant goşmalydyklary barada wagyz-nesihat etmek, düşündirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, asuda örýän nowjuwan kalply ýaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzy kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Biz bu beýik bagta buýsanyp, ony wasp etmelidiris. Şeýle belent maksatlary ýürekde beslemäge, olary amal etmäge giň mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy röwşen ertirlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlar aman, ömürleri uzak bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi has-da pajarlap, toýlary toýa ulaşsyn!

Gülnabat SAPARGYLYJOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu