Žurnalistiň sahypasy

Halk häkimiýetiniň döwrebap nusgasy

24-09-2024 / 77

24-nji sentýabrda ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan pähim-paýhaslylyk mekdebiniň, döwleti dolandyryş tejribesiniň dowamaty bolan umumymilli forumda iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, döwletli çözgütler kabul edildi.

Adamzadyň taryhy tejribesiniň tassyklamagyna görä, hukuk düzgünleri halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşynda ählumumy ylalaşygyň hem-de raýat agzybirliginiň saklanmagynyň girewi hökmünde kemala gelipdir. Onuň düýp mazmunyny ýokary ahlak gymmatlyklary — ygrarlylyk, ynsanperwerlik, ähli adamlaryň bähbitleriniň deň tutulmagy ýaly kadalar düzüpdir. Şu jähetden, Türkmenistan döwletimiz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ähli raýatlarymyzyň hukuklary berk goralýar, beýik işleriň hemmesi halkyň bähbidine gönükdirilýär, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen nusgalyk özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň, rowaçlygyň berk binýady bolan halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, onuň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan ornunyň uly bolmagy döwlet dolandyryşynda gadymy oguz däplerine esaslanýan demokratiýanyň ýokary derejede äşgär ýüze çykmasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär» diýip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şoňa görä-de, 20-nji iýulda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirilip, onda degişli ugurdaky möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Binýady berkden tutulan Garaşsyz Watanymyzda geçirilen umumymilli forum — Halk Maslahatynyň mejlisi halkyň we hökümetiň, döwletiň we raýatyň arasyndaky mizemez arabaglanyşygyň sazlaşykly üpjün edilýändigini görkezip, biziň ählimizi ýagty ertirlere ruhlandyrýar.

Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu