
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň täsirli günlerinde berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýetilýän sepgitler barada oýlanmagyň özi bagtlylykdan nyşan. Eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy – saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek bolsa has-da ýakymly. Şöhratly wakalara beslenýän taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Şunda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilmegi, gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi, täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.
Bedew batly ösüşler, belent sepgitli ýeňişler, beýik işler bilen utgaşyp, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik, jebislik ýörelgeleriň täze many-mazmunyna eýe bolup, Watanymyzda toýlaryň-toýa ulaşýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty aýdyň şöhlelendiryär. Ata Watanymyzy bedew bady bilen öňe, diňe öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldelerine eýerip, ak ýürekden zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.