Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlyk — ylhamyň gözbaşy, göwnüň ganaty

24-09-2024 / 22

Bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi ösdürmek, il-günüň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky şanly özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini görüp ýaşamak her birimiz üçin uly bagtdan nyşandyr. Özi-de, taryhda ýene bir altyn sahypany döreden iň naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň giňden baýram edilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde halkymyzyň düýpli özgeren ykbaly dogrusynda söz açmak her birimiz üçin hem ýakymly. Döwlet Baştutanymyzyň ösüşiň täze döwründe Watanymyzy geljek ýyllarda gülledip ösdürmäge gönükdiren döwletli tutumlarynyň oňyn netijelerini ýurdumyzyň gündogar sebitiniň günsaýyn ösýän durmuşynda hem görmek bolýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» anyk ugurlary bilen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlar esasynda geçilen ýola nazar aýlanyňda, diňe bir bagtyýar halkymyzyň bagtyýarlyga ulaşýan günlerini däl, eýsem, oba-kentlerimiziň hem özgerýän keşbi göwnüňi galkyndyrýar. Ýurdumyzyň islendik etrabynda, şäherinde, obasynda bolanyňda hem «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň ajaýyp miwelerini görmek bolýar.

Geçmişde dünýä ýaň salan döwletleri döredip, azym-azym şäherleri guran, ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda öçmejek yz galdyran halkymyz häzirki günlerde beýik senäni ― Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar. Bir supranyň başynda, Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda berk jebisleşen bagtyýar ildeşlerimiz röwşen günleriň hözirini görüp ýaşaýarlar, ata Watanymyzy şöhratlandyrmagyň bähbidine joşgunly zähmet çekýärler.

Baş baýramymyzyň şeýle şuglaly we joşgunly wakalary barada oýlananyňda, asuda döwletimize, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjymyz has hem artýar. Şonuň ýaly-da halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrylýan ähli oňyn özgerişlikler bize geljegiň has-da gowy boljakdygyny buşlaýar. Hut şonuň üçin hem ildeşlerimiziň her biri ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň has gowy ýaşamagyny üpjün etmek ugrundaky giň gerimli başlangyçlaryň, döwletli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýar.

Öwezmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu